21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Singapur söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maslahat geçiridi

Sen 16, 2023

Ýakynda sentýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar syýasy, diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibini hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar, şeýle hem iň ýokary derejede, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde saparlary guramaklygyň, şeýle hem işewürler forumlaryny geçirmekligiň zerurdygyny bellediler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi