turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistan bilen "Starlink" sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Few 6, 2026
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri "SpaceX" kompaniýasynyň "Starlink" Global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we uzak möhletli, özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi.