21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň 2026-njy ýyldaky bilelikdäki çärelerini geçirmek boýunça pikir alşyldy

Few 13, 2026

Aşgabatda 12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Tomas Şteliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň netijeli we özara hormat goýmaga esaslanýan dialogy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Diplomatlar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şol sanda şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi