21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

«Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi

Mar 11, 2024

«Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 8-nji martda gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.

 
 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi