Türkmenistan birnäçe ýurtlarda köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirdi
Iýn 4, 2026
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalarynda, halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda we konsullyklarynda köpçülikleýin welosiped ýörişleri geçirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Pariž şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi Maksat Çaryýew şuňa meňzeş çäreleriň guralmagy dürli milletleriň wekillerini sport, dostluk, sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň öz daşynda birleşdirýändigini belledi.
Şeýlede, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy. Türkmenistanyň Ilçisi Döwletgeldi Seýitmämmedow gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni jemgyýetiň arasynda sporta bolan höwesiň artmagynda, şeýle hem dynç alyş medeniýetiniň ösmegine we daşky gurşawy aýawly çemeleşmäni kemala getirmäge ýardam edýändigini belledi.
Şeýle hem, sport çäreleri Türkiýede, Saud Arabystanynda, Gazagystanda we Russiýada geçirildi.