21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan Bitaraplyk gününe taýýarlyk görýär

Dek 4, 2025

Gyş paslynyň ilkinji günlerinde Türkmenistan ýylyň iň möhüm we dabaraly pursatlaryna gadam basýar. Şu günler ýurdumyzda döwlet ähmiýetli goşa baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de ýetip gelýän Täze ýylyň şowhuny, halkyň ruhubelentligi aýdyň duýulýar.

12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda wajyp orun tutýan bu sene bilen baglanyşykly, paýtagtda ýokary derejeli halkara maslahatlaryň, ylmy-amaly konferensiýalaryň we sergileriň geçirilmegi dowam edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi