Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen konstruktiw dialogy goldady
Mar 5, 2026
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda 4-nji martda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň özara hormat goýmaga, ynamyň berkidilmegine we ösüşiň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan adam hukuklary boýunça konstruktiw dialogyň tarapdarydygy nygtaldy.
BMG bilen 2026 – 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnamada adam hukuklary meseleleri durmuş syýasatyndan we gender deňliginden başlap, kanunçylygyň hökmürowanlygyna çenli ähli taraplary öz içine alýan esasy ugur bolup durýar.
Türkmen tarapy BMG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça toparynyň düzüminde halkara bilermeniň Adam hukuklary boýunça geňeşçi wezipesine bellenilendigi üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligine minnetdarlyk bildirdi. Bu çözgüdiň durmuşa geçirilmegi bilelikdäki başlangyçlar we netijeli dialog üçin binýady berkitmäge gönükdirilendir.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.