21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan GDA agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşine gatnaşdy

Ýan 24, 2025

22-nji ýanwarda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi.

Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem agza döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşyjylary «2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň bu ýylyň dowamynda ileri tutýan ugurlary boýunça geçiriljek çäreleriň Konsepsiýasy» bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem, Geňeşiň agzalary 2024-nji ýyldaky işleriň netijelerini jemlediler we Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar.

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»