Türkmenistan Gyrgyzystanda geçirilen halkara medeni forumda çykyş etdi
Iýn 1, 2026
26-njy maýda A. Osmonow adyndaky Gyrgyzystan Respublikasynyň Milli kitaphanasynda «OÝMO» atly XX halkara festiwalynyň çäklerinde «Däp bolan medeniýeti gorap saklamak we maddy däl medeni mirasyň esasynda döredijilik industriýalary ösdürmek» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çäre Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Hindistandan, Türkmenistandan we Beýik Britaniýadan döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň 100-den gowrak wekilini, muzeý müdirlerini, barlagçylary, suratkeşleri, dizaýnerleri, senetçileri hem-de maddy däl medeni miras ugurdaky hünärmenleri bir ýere jemledi.
Ýurdumyzyň adyndan ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky «Dizaýn plýus» milli döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Täjigül Gurbanowa onlaýn tertipde hasabat bilen çykyş etdi. Çykyş halk amaly-haşam sungatyna we türkmenleriň medeni mirasyny ýaşlara geçirmek tejribesine bagyşlandy.