Türkmenistan bilen Awstraliýa ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmegi we hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşýar
Noý 27, 2026
24–27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Awstraliýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi (rezidensiýasy Tokio şäherinde) Atadurdy Baýramow Kanberra, Sidneý we Melburn şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
26-njy noýabrda Türkmenistanyň ilçisi Awstraliýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň sekretarynyň orunbasary K. Çittik bilen duşuşdy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Ilkinji türkmen-awstraliýa syýasy geňeşmelerini geçirmegiň mümkinçiligi aýratyn gözden geçirildi.
Saparyň çäklerinde Awstraliýanyň döwlet edaralarynyň, işewür we akademiki toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda bilim, ylym, maýa goýumlary, söwda ulgamlarynda we şäherara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sapar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara bähbitli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.