21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler

Iýn 23, 2026

Bakuwda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleri Ilham Aliýewiň we Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Alşylan resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara söwdada harytlaryň geçirilmegi babatda maglumat alyşmagyň Tehniki şertleri; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdanyň gümrük statistikasy çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iýmit howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda energetika babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň esasy ugurlary hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026 — 2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama bar.