21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Gruziýa bilim we ýaşlar syýasaty ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler

Sen 2, 2026

1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedowyň Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy ýurdumyzda ýokary we umumy orta bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, şeýle hem bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we olarda göz öňünde tutulan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, göni gatnaşyklary giňeltmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.