21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Iýn 16, 2026

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýändigi bellenildi.