Türkmenistan halkara düzümleri bilen howa, energetika we suw serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Noý 12, 2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ministri Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-niň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.
Ýurdumyz bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyk; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleri bilen bilelikde «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak» atly taslama resminamasy; Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi