21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdy

Noý 18, 2026

17-nji noýabrda Yslamabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Ishak Dar bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikler Türkmenistanyň we Pakistanyň bilelikdäki hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň öňüsyrasynda Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda geçirildi.

Taraplar iň ýokary we ýokary derejelerde yzygiderli syýasy dialogy saklamagyň, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda özara gyzyklanma bildirilýän sebit infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurlygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde senagat, ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Pakistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.