Türkmenistan we Saud Arabystany ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Sen 2, 2026
31-nji awgustda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Patyşalygyň Daşary işler ministriniň Jemgyýetçilik diplomatiýa boýunça orunbasary Raed bin Haled Karmali bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşykda ministriň orunbasary jenap Raed bin Haled Karmali «Vision 2030» maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyrdy. Bu maksatnamanyň ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik ugurlaryny ösdürmeklige gönükdirilendigini belledi. Şeýle-de, bu maksatnamanyň ýaşlar tarapyndan we ýaşlar üçin amala aşyrylýandygyny nygtady.
Türkmen ilçisi Muhammetgeldi Aýazow, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda syýasy, medeni, ylym-bilim we ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek meseleleri maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama we degişli hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekişmek arkaly hyzmatdaşlyklary has-da giňeltmek boýunça tekliplerini hödürledi. Şonuň ýaly-da, bu ugurda özara tejribe alyşmak, talyplary taýýarlamak, bilelikde ylmy maslahatlary we sergileri guramaklygyň üstünde durlup geçildi.