Türkmenistan bilen Täjigistan halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldar
Okt 29, 2026
Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini bellediler we halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamaga ylalaşdylar.
Dünýägözel Gulmanowa Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň dördünji Parlamentara forumyna gatnaşmaga iberilen çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, forumyň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde has-da pugtalanýandygyny nygtadylar. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Täjigistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen birnäçe möhüm kararnamalara dostlukly Täjigistan Respublikasynyň awtordaş bolup beren uly goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Taraplar Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy ýaly halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga ylalaşdylar.
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornyň degişlidigi bellenildi. Şeýle hem bu gatnaşyklaryň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga we döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen ösdürmäge mümkinçilik döredýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Dünýägözel Gulmanowa Rustam Emomalini we Täjigistanyň parlament wekillerini «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugy ilerletmek» atly üçünji Aşgabat maslahatyna, Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşde geçiriljek üçünji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.