21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan bilen Taýland ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Awg 3, 2026

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowyň Taýland Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Taýlandyň Daşary işler ministrliginde Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça Baş direktor Urasa Mongkolnawin bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ýokary derejeli saparlary guramak, syýasy geňeşmeleri geçirmek we söwda-ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, bilim hem-de syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky garaýyşlaryny tassykladylar.