21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan Nepal bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýär

Ýan 27, 2025

Ýanwaryň 23-ne Türkmenistanyň Nepaldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Nepalyň Prezidenti Ramçandra Paudela ynanç hatlaryny gowşurdy.

Prezident Ramçandra Paudel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, şol sanda syýahatçylyk ugurlary boyunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi