Türkmenistan raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça toplan tejribesi we BMG bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Noý 12, 2026
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 11-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG-niň BÝKM) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarli bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada gullugyň metbugat bölümi habar berdi.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň BÝKM-niň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň arasynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda 2024-nji ýylda bu abraýly halkara gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlykda öz çägindäki raýatsyzlygyň ähli ýagdaýlaryny doly aradan aýyrmak boýunça işleri üstünlikli tamamlan Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň hem-de maksatnamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge özara taýýarlyk bildirildi. Şeýle hem häzirki zaman şertlerinde halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan asylly işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.