21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan Pakistandaky MedHealth & Beauty Expo 2026 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Iýn 19, 2026

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 17-nji iýunda Yslamabat şäherinde Rawalpindi Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan MedHealth & Beauty Expo 2026 sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Açylyş dabarasyna Pakistanyň Milli saglygy goraýyş ministri, Demir ýollar ministri, şeýle hem Pakistanda akkreditirlenen birnäçe döwletleriň ilçileri gatnaşdylar.

Sergi saglygy goraýyş, derman senagaty, lukmançylyk tehnologiýalary, sagaldyş hyzmatlary we gözellik pudaklarynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalary hem-de guramalary bir ýere jemläp, innowasion önümleri, hyzmatlary we pudakdaky soňky ösüşler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança boldy.

Çäräniň çäklerinde Pakistanyň birnäçe iri derman kärhanalarynyň wekilleri ilçi Möwlamow bilen duşuşyklary geçirip, Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Taraplar derman senagaty ulgamynda bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.