Türkmenistan Pekinde milli medeniýetiniň baýlygyny hödürledi
Maý 15, 2026
Pekiniň Halkara Söwda we ykdysadyýet uniwersitetiniň (UIBE) Çenşin meýdanynda 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda «Lead the Tide, Embrace the World» şygary astynda 22-nji Halkara Ýaşlar medeniýet Festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň ýardamy bilen bu ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen talyplary foruma işjeň gatnaşyp, abraýly halkara meýdançada türkmeniň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny mynasyp görkezdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ýüzden gowrak döwletiň wekillerini birleşdiren giň möçberli forumyň çäginde Türkmenistanyň milli sergi pawilony guruldy. Türkmen talyplary tarapyndan taýýarlanan ekspozisiýa «açyk gapylar» syýasatyny we medeni dialogy öňe çykardy. Sergä köp sanly daşary ýurt diplomatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we halkara talyplar jemgyýeti baryp gördiler.
Festiwal myhmanlarynyň esasy ünsi çäräniň döredijilik bölegine gönükdirildi. Türkmen talyplary türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezip, täsirli çykyşlar taýýarladylar. Sergi pawilýonynda ýurduň üstünlikleriniň we milli aşhananyň tagamlarynyň tanyşdyrylyşy gurnalyp, myhmanlara türkmen myhmansöýerligi bilen ýakyn tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Bu çäräniň bir gün öňünden «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy çäginde ýokary energetika biliminiň ýokary hilli ösüşi boýunça simpozium» Hytaý Nebit uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi. Bu çärä hem türkmen talyplary özleriniň çykyşlary bilen gatnaşdylar.