Türkmenistan ilkinji Halkara kosmos sammitine gatnaşýar
Sen 10, 2026
Fransiýanyň Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda 9-njy sentýabrda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady. Ýokary derejeli halkara çärä Türkmenistanyň wekilleri bilen bir hatarda döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, kosmos senagatynyň, ylmy we maýa goýum düzümleriniň 2 müňden gowrak wekili gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Sammitiň ilkinji gününde geçirilen mejlislerde kosmos infrastrukturasyny we kosmos senagatyny ösdürmek, bu ugurdaky tehnologiýalara elýeterliligi giňeltmek, emeli aň we öňdebaryjy innowasion çözgütleri ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklarda şeýle hem kosmos ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, kosmos giňişligini öwrenmek, Ýere we ummanlara gözegçilik etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Halkara kosmos sammitiniň çäklerinde kosmos pudagynda gazanylan täze üstünlikleri, döwrebap işläp taýýarlamalary we innowasion çözgütleri görkezýän sergi hem guraldy. Türkmenistan bu halkara platformanyň çäklerinde kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen pikir alyşmalara gatnaşýar.