Türkmenistan Duşenbede Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara başlangyçlara bagyşlanan maslahat geçirdi
Awg 12, 2026
Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň halkara ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä türkmen diasporasynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Täjigistanda bilim alýan türkmen talyplary hem-de ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara Halk Maslahatynyň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny barada giňişleýin maglumat berildi. Aýratyn hem 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine uly üns çekilip, onda gazanylan üstünlikleriň seljeriljekdigi we uzak möhletleýin geljek üçin möhüm wezipeleriň kesgitlenjekdigi bellenildi.
Şeýle hem çärede döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky halkara başlangyjy barada durlup geçildi. Türkmenistanyň öňe süren bu başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmegi we onuň agza döwletleriň giň topary tarapyndan goldanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň aýdyň subutnamasy hökmünde nygtaldy.
Maslahat medeni çäre bilen jemlendi. Onuň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň milli saz guraly bolan dutarda göwün göteriji saz eserleri ýerine ýetirildi.