21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan BMG-niň düzümlerindäki ornuny we ygtyýarlyklaryny giňeldýär

Noý 4, 2026

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilligi ýurdumyzyň 2027-nji ýylda BMG-niň edaralaryndaky we köptaraplaýyn mehanizmlerindäki agzalygy hem-de başlyklyk ygtyýarlyklary boýunça giňişleýin maglumaty çap etdi. Bu resminama Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüş, halkara söwdasy, durmuş syýasaty, ylym, tehnologiýalar we sport ýaly wajyp ugurlarda bütindünýä dialoga işjeň gatnaşýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň halkara meýdançasyndaky esasy orunlarynyň biri BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (EKOSOS) 2026–2028-nji ýyllar üçin agzalygydyr. Muňa goşmaça hökmünde, Türkmenistan 2027–2028-nji ýyllarda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparyna başlyklyk eder. Bu ygtyýarlyk durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we «Awaza» Hereketler maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça amaly adamlary öňe sürmäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistan Ösüş üçin ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň düzüminde dört ýyllyk işine girişer. Şol bir wagtda ýurdumyz ÝUNSITRAL, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasy, Durmuş ösüşi boýunça komissiýasy hem-de ÝUNESKO-nyň Beden terbiýesi we sport boýunça komitetindäki agzalyklaryny dowam etdirýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Boşgunlar boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we ÝUNKTAD-yň Söwda we ösüş geňeşiniň hemişelik agzasy bolup durýar, şeýle hem BMG-niň Dostluk oýunlarynyň Guramaçylyk komitetine hemişelik esasynda başlyklyk edýär. Agzalyklaryň we başlyklyk ygtyýarlyklarynyň utgaşmagy Aşgabadyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen köpşahaly hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.