21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan sebitde energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip etdi

Noý 17, 2025

Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitiň elektrik energiýa ulgamyny giňeltmegiň we kuwwatly, köpugurly elektrik ulgamyny döretmegiň möhümdigini belledi.

Energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerine geçip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň diňe bir turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirmekde däl, eýsem, elektrik energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem mundan beýläk anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

«Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik we elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini belleýäris. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektroüpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti