Türkmenistan Tbiliside Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilmegine gatnaşdy
Mar 19, 2026
17-nji martda Tbilisi şäheriniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide häkimligiň goldaw bermeginde hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň ilçihanalarynyň, diasporalaryň we medeni merkezleriň gatnaşmagynda Halkara Nowruz baýramy bellenildi.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň milliligi bilen bezelen medeni zolagynda bu ýere ýygnanan myhmanlaryň ýurduň medeni mirasynyň baýlygyny we özboluşlylygyny duýmaklary üçin mümkinçilik döredildi. Pawilionda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem milli lybaslar, şaý-sepler, elde dokalan nepis haly önümleri, surat şekilleri, sowgatlyklar, milli tagamlar we süýjülikler hödürlenildi, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýratyn burç gurnaldy.
Baýramçylyk çäresi milli aýdym-sazlara we tanslara beslenen konsert maksatnamasy bilen tamamlandy. Bu bolsa dabara gatnaşyjy myhmanlara baharyň şatlyk-şowhun duýgularyny peşgeş berdi.