21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň agzalygyna kabul edildi

Mar 19, 2024

Mälim bolşy ýaly, 6-njy martda Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň web-saýtynda habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza hökmünde goşulmagy baradaky meselä seredildi.

Netijede, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki Söwda-senagat edaralarynyň birleşigine doly hukukly agza hökmünde kabul edildi.

2019-njy ýylda döredilen Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşigi Türki döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda Birleşigiň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agza hökmünde girýärler. Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa gurama synçy hökmünde gatnaşýarlar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi