Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşýar
Iýl 25, 2026
Türkmen wekiliýeti şu ýylyň 19-29-njy iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji sessiýasyna gatnaşýar.
Koreýa Respublikasy bu halkara duşuşygy 1988-nji ýylda “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky” Konwensiýa goşulanyndan bäri ilkinji gezek geçirýär. Ol Konwensiýanyň gatnaşyjysy bolan 196 döwletden 3000-den gowrak wekili we halkara bilermeni bir ýere jemleýär. Halkara maslahatda ýurdumyza ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa we Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik edýärler.
Sessiýanyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled El-Anani we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon çykyş etdiler.
Çykyşlarda Bütindünýä mirasynyň adamzadyň umumy siwilizasion baýlygy hökmünde esasy gymmaty ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Şeýle hem, bu mirasy gorap saklamagyň howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy kynçylyklary çözmek üçin bilelikdäki tagallalary talap edýändigi bellenildi.
Bütindünýä mirasy komiteti “Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky” Konwensiýanyň iki dolandyryjy edarasynyň biridir. Ol Konwensiýanyň gatnaşyjy ýurtlary bolan 196 döwletiň arasyndan saýlanan 21 döwletiň wekillerinden ybaratdyr. Häzirki mejlisde komitet agzalary bar bolan desgalaryň gorag ýagdaýyny, täze desgalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça 33 teklibi we eýýäm sanawa girizilen 147 desganyň gorag meýilnamalaryny gözden geçirerler.
Sessiýanyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň strategik maksatlaryny kesgitleýän Pusan Jarnamasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.