21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Ispaniýa ÝB-niň çäklerindäki geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler

Maý 21, 2026

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ispaniýa Patyşalygynyň ÝB-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Markos Alonso Alonso bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dört esasy ugruny — ulag we logistika, energetika, strategik çig mal serişdeleri hem-de howa gün tertibini ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlediler.

Pälwanow Brýusselde ÝB-niň agza döwletleriniň ilçileri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleriniň arasynda yzygiderli gepleşik meýdançasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ispan tarapy bu teklibi goldady.