21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Kamboja ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Awg 12, 2023

Türkmenistanyň Kambojadaky täze ilçisi (hemişelik bolýan ýeri — Kuala-Lumpur) 10-njy awgustda Kambojanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň protokol departamentiniň müdirine ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Kambojanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ilçi Türkmenistan bilen Kambojanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrunda iş alyp barjakdygyna ynandyrdy.

«Türkmenistan bilen Kamboja özara dostluk, hormat we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan uzak dostana gatnaşyklara eýe. Biz Kambojanyň Türkmenistana dürli halkara platformalarda berýän goldawyna ýokary baha berýäris. Gatnaşyklarymyz oňyn ösüşe eýe bolar diýip umyt edýäris» diýip, ilçi belledi.

Protokol departamentiniň müdiri dürli halkara guramalarynyň çäginde Kamboja berýän goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, Kambojanyň söwda, ykdysadyýet, medeniýet we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini aýtdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy