Türkmenistan we Kipr özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler
Maý 15, 2026
Aşgabatda 14-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Kipr Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Kipros Ýorgallis bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmek we berkitmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmen-kipr hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýän pudagara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Halkara giňişlikde Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.