Türkmenistan we Koreýa giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldadylar
Apr 16, 2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Nygtalyşy ýaly, Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. “Daewoo” kompaniýasy Türkmenistanyň himiýa pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.
Ilçi giň gerimli senagat taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp, koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly orny nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Aşgabat şäherinde Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň hereket edýändigini belledi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de dürli ugurlar boýunça pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Ilçi Li Wonje wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.