21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Koreýa hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Maý 15, 2026

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Je bilen 2026-njy ýylyň 14-nji maýynda duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösüşini, şol sanda daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri, parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» köptaraplaýyn formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. Gazhimiýa pudagynda, ulag infrastrukturasynda hem-de gämi gurluşygynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine koreý kompaniýalarynyň goşýan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem bellediler. Bilim, ylym, sport ulgamlarynda we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek babatda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Şeýle gatnaşyklaryň iki halkyň arasynda özara düşünişmegi we ýakynlaşmagy pugtalandyrýandygy nygtaldy.