21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Malaýziýa gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler

Iýn 12, 2026

Malaýziýada Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowyň Malaýziýanyň Gümrük müdiriýetiniň başlygy Amran Ahmad bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we gümrük ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Türkmen tarapy iki döwletiň gümrük gulluklarynyň arasynda hünär tejribesini alyşmagy işjeňleşdirmegi we gümrük ulgamynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasynyň üstünde işlemegi çaltlaşdyrmagy teklip etdi. Bu resminama Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparynyň dowamynda gol çekmek mümkinçiligine seredildi.

Malaýziýanyň wekilleri Ähtnamanyň taslamasynyň ýurduň degişli hukuk edaralarynda we ministrliklerinde seredilýändigini bellediler. Malaýziýa tarapy ikitaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirip, bu resminama boýunça tiz wagtda jogap taýýarlamaga taýýardygyny tassyklady.