21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Moldowa medeni alyş-çalyşlary giňeltmegiň tarapdarydygyny nygtadylar

Apr 29, 2026

28-nji aprelde Kişinýewde Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky ilçisi (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Toýly Ataýew Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow we Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk duşuşygyň gün tertibinde esasy orun eýeledi. Gepleşikleriň aýratyn bölümi parlamentara hyzmatdaşlyga we parlamentara dostluk toparlarynyň işjeňleşmegine bagyşlandy.

Taraplar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda medeni alyş-çalyşlary we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm esaslary hökmünde görülýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Moldowa Respublikasynyň wekillerini Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.