Türkmenistan we Slowakiýa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirerler
Iýn 13, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 12-nji iýunda geçirilen hökümetiň mejlisinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.