21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Şri Lanka hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşýar

Few 6, 2024

2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.

Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatynda Ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigini belledi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi