21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Ýaponiýa özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny beýan etdiler

Maý 26, 2026

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 22-nji maýda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, Liberal Demokratik partiýasynyň Ösüş strategiýasy boýunça ştab-kwartirasynyň başlygy Fumio Kisida bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alşyldy.

Şeýle hem duşuşykda türkmen-ýapon syýasy, parlamentara, partiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, himiýa pudagynda iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy.