Türkmenistan ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýär
Ýan 17, 2026
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa 16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berdi. Olaryň netijesinde 2026-njy ýylda ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol çekdi we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.