21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda 2026-njy ýylda atçylyk we atly sport çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Iýn 2, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä derejesindäki halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminama ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen tassyklandy.