21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çapdan çykdy

Few 5, 2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji aýyndaky taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2026-njy ýyldaky 1-nji sanynda giňişleýin beýan edilipdir.

«Dünýä ykrarydyr türkmen bedewi!» atly makalada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen aýda mynasyp bolan abraýly halkara şahadatnamalary barada söhbet edilýär. Türkmen bedewleriniň waspy «Behişdi bedewler döwrümiziň badynda» atly makalada hem dowam etdirilýär.

Elektron neşirdäki «Watan goragy – belent mertebe» atly makala 27-nji ýanwarda bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýlaşylýar. Indiki sahypalarda bolsa «Täze banknotlar - döwrebap ösüşleriň nyşany» atly täsirli makalany okap bilersiňiz. Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sanyndan hem halypalaryň we ýaş galamgärleriň birnäçesiniň täze şygyrlaryny okap bilersiňiz.

Şu gezek «Gar astyndaky miweler» diýlip atlandyrylýan işdäaçary taýýarlamak bilen bagly hem gyzykly maglumatlar berilýär. Däp bolşy ýaly, neşiriň ahyrky sahypalarynda «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada hem okap bilersiňiz.

Neşir täze sanynda ýene bir döredijilik bäsleşigini yglan edipdir.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti