21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çap edildi

Mar 5, 2026

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň ýene bir sany okyjylara gowuşdy.

Neşiriň 2026-njy ýyldaky ikinji sany «Türkmen bedewi – belent ösüşleriň nusgasy» atly makala bilen açylýar. «Başlangyç synpda ünslüligi ösdürmegiň esaslary» atly makala bilim işgärleri üçin tejribe alyşmakda ähmiýetli çykyş bolupdyr.

Neşirde diplomatiýa, ykdysadyýete, medeniýete bagyşlanan makalalar, ylym we tehnika täzelikleri täsirli maglumatlary bilen özüne çekýär. Iňlis dilinde ýerleşdirilen çykyş Magtymguly Pyragynyň şahyryna dünýäsine bagyşlanypdyr. Sazyň terbiýeçilik ähmiýetine bagyşlanan makala hem täsirli bolupdyr.

Şeýle-de «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň ahyrky sahypalarynda täze döredijilik bäsleşigi hem yglan edilýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti