21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda Awtomobil ýollary ministrligi döredildi

Few 14, 2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň awtomobil ýollary pudagyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen degişli Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işi bes edilip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi döredildi. Bu ministrlik işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi we Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini, resminamadan gelip çykýan wezipeleri, üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hökümet mejlisinde gol çeken degişli Permany bilen, Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimow Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri wezipesine bellenildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti