21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda gümrük amallary boýunça sorag-jogap hyzmaty ýola goýuldy

Few 6, 2026

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy telefon arkaly, onlaýn sorag-jogap hyzmatyny ýola goýdy. Onuň saýtyndaky habarda bellenilişi ýaly, bu hyzmatyň ýola goýulmagy bilen daşary ykdysady işe, şol sanda daşary söwda işine gatnaşýan şahslaryň, gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirilýän raýatlaryň gümrük işi babatdaky soraglaryna şol wagt, onlaýn görnüşde jogap berilmegine mümkinçilik döredilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bu onlaýn hyzmaty harytlar gümrük serhedinden geçirilende amala aşyrylýan gümrük amallary, şol sanda gümrük taýdan resmileşdirmek, tölenilýän gümrük tölegleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler barada döreýän soraglara jogap bermekden ybaratdyr.

Şol sanda sorag-jogap hyzmatynyň üsti bilen, Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulaglara bildirilýän talaplar, olaryň gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi üçin zerur bolan resminamalar, tölenilýän gümrük tölegleriniň her görnüşi we möçberleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredildi we sorag-jogap hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

Sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgisi: 39-41-39

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy