Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler
Mar 14, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän bu baýram mynasybetli Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek dabara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, Nowruz bilen bagly milli däp-dessurlaryň esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen badalga alar. Bu ýerde ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, dürli sergileri ýaýbaňlandyrmak, halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk, senetçilik, maşgala toýlary bilen bagly däp-dessurlaryny beýan edýän çykyşlaryň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.