21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy

Awg 17, 2023

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada serhetçileriň höwesjeň toparlarynyň ýerine ýetiren  aýdym-sazlary, harby orkestriň çykyşy hem-de Watana bolan söýgini wasp edýän  sahna eserleri çäräniň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen kompozisiýalarda ýurduň gazanýan  üstünlikleri, döwlet Baştutanynyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy ýerleşýär. Bu ýerde deňizçi serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir, okuw otaglary hem-de beýleki durmuş maksatly otaglar göz öňünde tutulypdyr. «Galkynyş» otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa deňizçi serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Täze binalar toplumynda serhetçileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanmaklary üçin zerur bolan şertler doly üpjün edilipdir. 

Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.      

Dabaraly çäräniň çäklerinde Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi