21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2026-njy ýylyň birinji aýynda 6,3 göterim artdy

Few 7, 2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 6-njy fewraldaky Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti