Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçiriler
Ýan 16, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň 8 – 13-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan etdi.
Gatnaşyjylary we toparlaryň ýolbaşçylaryny hasaba almak 15-nji ýanwardan 1-nji aprele çenli dowam eder.
Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary hem-de mekdepleriň uçurymlary çagyrylýar. Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bäsleşikler şahsy bäsleşik görnüşde bir tapgyrda çylşyrymlylygy boýunça iki derejede (A we B) geçiriler.
A derejesi 20 ýaşa çenli bolan gatnaşyjylar – mekdep okuwçylary we olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar üçin niýetlenendir. B derejesi bolsa ýaşy 15,5-den uly bolmadyk orta mekdepleriň okuwçylaryny birleşdirer. Her ýurtdan gatnaşýanlaryň sanyna her iki kategoriýa boýunça hem çäklendirme goýulmaýar.
Gatnaşmak we hasaba almak meseleleri boýunça guramaçylyk toparyna şu telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 448409, +993 12 398550, +993 65 809906 ýa-da turkmenmatholymp@gmail.com elektron poçtasy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.