21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistanda milli haryt nyşanynyň nusgalaryna seredildi

Ýan 17, 2024

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda milli haryt belgisiniň nyşanynyň dizaýnyny saýlamak we «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisi barada» Düzgünnamanyň taslamasyna täzeden garamak üçin Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.

Pudagara iş toparynyň garamagyna «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisiniň 172 görnüşi hödürlendi. Olardan iş toparynyň agzalary iň gowy dizaýnerlik işleriň bäşisini saýladylar.

Ýakyn wagtda olar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna teklip ediler.

Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr